Aşleývil şäherine hoş geldiňiz! Bu şähere kiçijek diyip yolyňyza dowam hem edip bilersiňiz, sebäbi Nýu-Yorkda durmuş gaynap dur. Emma bu şäherde yakynda yurdyň taryhynda görülip eşidilmedik bir waka bolup geçdi, bäş minutjyk şu suwumdan içseňiz, diňleseňiz, hemmesini aýdyp bereýin. Nähili waka diyip soradyňyzmy?
Koşer raýonynda ýaşaýan bir biçäre, şäherimiziň merine söwüpdir! Hawwa hawwa, agzyndan gelenini söwüpdir. Sebäbem bir biderek zatmyşlaý, mer o neressäň jaýyny ýykyp maşgalasy bilen köçä çykarylmagyny buýrupdyr. Ýok ýok siz bir pikir edip görüň, merem bir ýalňyş buýruk berip bilermi, meňä aklyma syganok how bular. Amerikanyň taryhynda entek ýekeje adamam kanuna ýalňyş diýip bilmändi ahyry, ol samsyk Jozef bolsa "Hudaýdan başgasyndan gorkamok" diýen bolyp hut meriň öňüne çykaýpdyr. Şol ýerde işsiz biri bukylyp otyran ekeni, hemmesini telefondaky kamera düşüripdir, soň hemmämiz jikme-jik gördük. Ýaňky Jozef, Aşleýviliň meri Maks Rijliýe "Men indi nirede ýaşamaly?" soragy bilen ýüzlenýä. O bolsa ýanyndaky polisiýä "Görkeziň şuňa nirede ýaşamalydygyny" diýýä. Josef bolsa "seň nemäňi nemedeýin" diýip diýmäkä ýaňky poliseýler muny taýaklary bilen urup başladylar. Joseph neresse bolsa garyplygyndan halys bizar bolupdyrda "Öldüriň öldürseňiz, diri goýsaňyz işiňizi görerin" diýip galdy. Soň maşyna salyp äkitdiler ony. Edil şol gije mer Rijly awariýa düşip ölmezmi haramzada, Alla Tagalla jezasyny göni iberen bolmaly oňa, milletem birhili boldy otyryberdi. Marylandden gelen garyndaşlary bolsa şäherdäki ýagdaýy görüp meriň jesedini obasyna alyp gitdi. Wideo çykany bäri şol poliseýler bilen salamlaşanam bolmady, göçüp gitmeli boldylar.
Jozefiň aýaly bolsa kanuna garşy gittiň diýip, çagalarynam alyp aýrylşyp gidiberdiç samsyk heleý. Josef biraz gynandy, aý soňam meriň dul galan gelinine öýlenip göýberdi. Durmuş herhili bolýarda, Jozefiň şol "seň nemäňi nemedeýin" sözleri dogry bolyp çykaýdy... Hawwa suwuň bahasy elli sent, ýolyňyz ak bolsun.