|
TÜRKMEN ROMANY ÖZBEK DILINDERusçadan terjime
Ýakynda Daşkendiň "Uzbekiston" neşirýaty tanymal türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň türkmen okyjylary tarapyndan söýlüp okalan "Serwi gelin" atly birtomlygyna giren,1860-1861-nji ýyllarda Mary etrabynyň Goňur obasynda 14 aýlap ýesirlikde bolan Fransiýanyň raýaty, harby hünärli Anri de-Blokwiliň ykbaly baradaky "Keseki" taryhy dokumental romanyny "Begona" ("Bigäne") ady bilen özbek dilinde aýratyn kitap edip çapdan çykardy. Terjimeçi Mäşerip Safaryň habar bermegine görä, romany özbek okyjylary gyzgyn garşylapdyrlar.
Iki ýyl mundan ozal Atajan Taganyň Germaniýanyň "YAM Ýound Authors Masterpleses Publishind" neşirýaty tarapyndan rus diline geçirilip, bütin dünýäniň onlaýn - kitap dükanlaryna ýaýradylan "Keseki" romany häzir dünýä dilleriniň ýene birnäçesine terjime edilýär.
|